Table Of ContentJon Biwer
ŞEÝTANYŇ
ALY
The Bait of Satan by John Bevere, Turkmen
© 2015 Messenger International
www.Messengerinternational.org
Originally published in English as The Bait of Satan
Additional resources in Turkmen by John & Lisa Bevere are available
for free download at: www.CloudLibrary.org
To contact the author: [email protected]
Şeýtanyň aly, türkmen dilinde, Jon Biwer
© 2015 Messenger International
www.MessengerInernational.org
Kitabyň asyl nusgasy inglis dilinde «The Bait of Satan»
Türkmen dilinde goşmaça çeşmeleri mugt indirmek üçin şu saýtda
elýeterli: www.CloudLibrary.org
Awtor bilen habarlaşmak üçin şu salga hat ýazyň: [email protected]
Hudaýdan soň meniň ikinji eziz dostum bolup duran, aýalym
Liza meniň çuňňur minnetdarlygym tükeniksizdir. Sen hakykatdan
hem päk ahlakly aýal. Bizi är-aýal edip sataşdyran Taňra men
ömür baky minnetdar bolaryn. Bu kitaby redakt irlemekde beren
gaýratly kö megiň üçin saňa Taňryýalkasyn aýdýaryn.
Şu taslamanyň amala aşmagy üçin öz kakalary bilen bile
geçirmeli wagtlaryny ýitiren meniň ogullarym Edisona, Ostina we
Aleksandra, oglanlar, siz meniň köňül şatlygymsyňyz!
Ýakyn wagtlarda dünýä inmeli meniň ogluma ýa gyzyma. Sen
eýýäm biziň maşgalamyzyň söýgüli agzasy bolduň we biz seni
görmäge juda howlukýarys.
Bu ýüzlenmä ynanan we bu işi ýazmaklyga we neşir etmeklige
meni ruhlandyran Jon Meýsona; redaktirlemekde görkezen
ussatlygy we goldawy üçin Debora Poulaliona we biziň bilen bu
taslamanyň üstünde işlän «Creation House» neşirýatynyň ähli
işgärlerine men çuňňur minnetdardyryn.
Ýöne, iň esasy, Onuň dil bilen düşündirip bolmaýan peşgeşi
üçin Hudaýa, merhemeti, hakykaty we söýgüsi üçin Rebbimiz Isa
we bu taslamanyň üstünde işläp ýörkäm wepaly ýolbaşçylyk edeni
üçin Mukaddes Ruha men öz çuň ýürekden minnetdarlygymy
bildirýärin.
MAZMUNY
Sözbaşy ................................................................................7
Giriş ................................................................................... 9
1. Men öýkelimi?.....................................................................13
2. Köpçülikleýin öýke ............................................................23
3. Nädip meniň bilen beýle zatlar bolup geçdikä? ......................37
4. Atam, atam! .......................................................................51
5. Nädip ruhy sergezdanlar döreýärler .....................................67
6. Hakykatdan gizlenip ..........................................................83
7. Ygtybarly binýat ...............................................................95
8. Sarsdyryp bolýan ähli zatlar sarsar ......................................111
9. Büd reme daşy...................................................................129
10. Olary nägile edip büdretmezligimiz üçin ............................149
11. Geçirimlilik: bermeseňiz – almarsyňyz! .............................. 161
12. Ar almaklyk – bu duzakdyr ..............................................177
13. Duzakdan nädip gutulmaly ...............................................191
14. Biziň maksadymyz – ýaraşmaklykdyr ...............................203
Sözsoňy. Tejribeli ädimler ....................................................215
5
SÖZBAŞY
Başagaý we ölüp barýan dünýä Hoş Habary getirmeklige
taýýar bolan, Onuň saýlap-çagyran adamlarynyň NESLINI
HUDAÝ ÝOKARY GÖTERÝÄR. Jon Biwer şeýle nesle degişlidir.
Men Jon bilen, Mesihileriň Ýygnagynyň ybadatçysy hökmünde,
1983-nji ýylda tanşypdym, meni ol ýere wagyz etmek üçin
çagyrypdylar. Birnäçe ýyl geçenden soňra bolsa Rebbimiz ony,
Mesihileriň Ýygnagynyň ştatly işgäri hökmünde, meniň Orlan-
dodaky Mesihiler Ýygnagyma getirdi. Men onuň Rebbe bolan
imanda we Injiliň gullukçysy hökmünde-de ösüşini we kämilleşişini
gördüm. Onda hakykata bolan yhlas we adamlara bolan söýgi
alawlaýar we ol onuň üçin Hoş Habary wagyz etmekde öňe iterýän
güýç bolup durýar. Onuň ylalaşyksyz we adamlar üçin düşnükli
bolan Hudaýyň Sözüni wagyz edişi günälileri toba etmeklige we
mukaddes ýaşaýyşa çagyrýar.
Jon «Şeýtanyň aly» atly kitabynda her bir imanly adam üçin
düýpli gapan bolup duran günä etmäge ýol açýan ähli işleri we
öýke ýaly wajyp temany gozgaýar. Günä etmäge ýol açýan ähli
işleri we öýke sebäpli imanly adamyň durmuşda başyna düşýän
synaglary we kynçylyklary dürli-dürli erbet netijelere getirip
biler. Ahyrky netije bütinleý adamyň olara bolan garaýşyna bagly
bolar. Eger siz ynjyk we öýkelek bolsaňyz, onda Hudaýyň perzendi
hökmünde siziň ruhy ösüşiňiz durmuş ýolunda dörän päsgelçilik
sebäpli togtap başlar. Siziň özüňize haýpyňyz gelip, özüňize
«baýramçylyk» gurnaýaňyz we siz ol ýerde - hormatly myhman!
Özüňiz babatda adalatsyz edilen hereket barada hemişe pikir edip
7
Şeýtanyň aly
ýörmek bilen, siz öz nazaryňyzy Rebden sowýarsyňyz, şeýlelikde
öz-özüňizden çetleşip gidýärsiňiz. Hakykat-da weli, nähili ökdelik
bilen gurnalan duzak!
Ýöne, eger siz öýkäni uzak saklap durmasaňyz we öz dur mu-
şyňyza onuň «kökleriniň» ösmekligine rugsat bermeseňiz, ähli
ýagdaýlary Rebbiň ygtyýaryna berip, siz Oňa bolan imanyňyzy
berkidip bilersiňiz. «Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bo la-
nyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň. Sebäbi imanyňyzyň synal-
magy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz. Her bir
işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-kössüz, berk we kämil
bolarsyňyz» (Ýakubyň haty 1:2-4) diýip Ýakup ýazýar.
Günä etmäge ýol açýan ähli işler we öýkeler hökmany geler.
Bu dünýäde günä etmäge ýol açýan ähli işlere we öýkelere gabat
gelmän ýaşap bolmaýanlygyny Isa Öz okuwçylaryna öňünden
duýdurypdy. Sorag günä etmäge ýol açýan ähli işleriň we
öýkeleriň bize gabat geljeginde ýa-da gelmejeginde däl-de, olar
gelen ýagdaýynda meniň özümi nähili alyp barjagymda.
Eger siz häzir ýaýdanýan bolsaňyz, bu kitap siziň öňüňizde ha-
tarlanyp duran duzaklary kesgitlemeklige kömek eder. Iblisiň (şeý-
tanyň) oýunlaryny tanamaklygy we ýeňmekligi öwreniň. Biweriň
kitaby men günä etmäge ýol açýan ähli işler we öýkeler bilen näme
etmeli diýen soraga Injiliň üsti bilen jogap bermäge çemeleşýär.
Ýadyňyzda saklaň, Hakykat sizi halas eder – haçanda siz Ony hut
özüňiz tanasaňyz! Maddy dünýäniň çäginden aňryk serediň we
özüňiziň hakyky duşmanyňyzy – şeýtany tanaň.
Benni Hinn, pastor we Hoş Habary wagyz ediji.
Orlandodadaky mesihiler merkezi, Florida ştaty.
1994-nji ýylyň apreli
8
Description:Mukaddes Kitabyň iňlisçe terjimesinde düşnüksizlikleriň bolmazlygy üçin bu söz «öıke» diımekligi hem aňladıar, terjimäniň awtoryň aıtjak bolıan