Table Of ContentJ. Hatamow, J. Gurbangeldiýew
DÜNÝÄ TARYHY
(XX–XXI ASYRLAR.
III BÖLEK. 2000–2014 ýý.)
Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy
üçin synag okuw kitaby
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2014
UOK 373:94
H 28
Hatamow J., Gurbangeldiýew J.
H 28 Dünýä taryhy (XX–XXI asyrlar. III bölek. 2000–
2014 ýý.) Umumy orta bilim berýän mek depleriň XI
synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy, 2014.
TDKP №244, 2014 KBK 63.3 (O) ýa 72
© J. Hatamow, J. Gurbangeldiýew, 2014.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY
TÜRKMENISTANYŇ
DÖWLET SENASY
Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
GIRIŞ
Adamzat XXI asyra uly umytlar bilen gadam basdy.
Ynsan paýhasy hem-de jepakeş zähmeti bilen gazanylan
ähli tejribe bu asyrda öňe hereket etmegiň badalgasyna
öwrüldi. XX asyryň ahyrynda «Sowuk urşuň» netijesinde iki
ulgamyň gapma-garşy durmasynyň mirasy taryhyň gatynda
galdy. 70 ýyllap dowam eden totalitar düzgün – SSSR-de
sosializm gurmagyň stalinçilik ülňüsi dargady. Onuň zory
bilen ösüşiň kommunistik ýoluny «synag» etmeli bolan Gün-
dogar Ýewropa ýurtlary hem tebigy ösüş ýoluna düşdüler.
Dünýä kartasynda geosyýasy üýtgeşmeler boldy. Energeti-
ka çeşmelerine baý bolan döwletleriň dünýä syýasatyndaky
ähmiýeti barha artyp başlady.
XX asyryň başyndan başlap XXI asyryň başyna çenli
dünýäniň syýasy kartasy tanalmaz ýaly derejede özgerdi.
7
Eger-de 1900-nji ýylda dünýäde bary-ýogy 55 sany özbaşdak
döwlet bolan bolsa, Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda
olaryň sany 71-e, Ikinji jahan urşunyň yzýany – 1947-nji ýyl-
da bolsa – 81-e ýetdi. Özbaşdak döwletleriň sany XXI asyryň
başyna çenli has-da artdy. Häzirki döwürde dünýäniň syýasy
kartasynda jemi 250 sany ýurt we territoriýalar görkezi-
lip, 2014-nji ýylyň başyna çenli 195 sany garaşsyz döwletiň
193-si Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) agzasydyr.
Özbaşdak döw letleriň ýarysy diýen ýaly Ýewraziýa materi-
ginde, 50-den gowragy Afrikada, galanlary Amerikada, Aws-
traliýada we Okeaniýada ýerleşýärler.
Dünýä döwletleri döwlet gurluşy, geografik ýerleşişi,
tutýan meýdany, ilatynyň sany boýunça dürli-dürlüdirler.
Döwlet gurluşy boýunça dünýä döwletleri respublika we
monarhiýa (patyşalyk) dolandyryşly döwletlere bölünýär.
Dünýäniň garaşsyz döwletleriniň esasy bölegi, ýagny 150-ä
golaýy respublika gurluşly döwletlerdir. Garaşsyz Türkme-
nistan – halk tarapyndan saýlanan Prezident tarapyndan
dolandyrylýan respublikadyr. XX asyryň başynda monar-
hiýa gurluşly ýurtlar köpdi, respublika gurluşly döwletler
bolsa gaty azdy. Häzirki wagtda (2014-nji ýylda) dünýäde
41 sany monarhiýa gurluşly döwlet bar. Olaryň aglabasy
Aziýada we Ýewropada, galanlary Afrikada, Okeaniýada,
Amerikada ýerleşýär. 2008-nji ýylyň maý aýynda Nepalda
240 ýyllap dowam eden monarhiýa gurluşy ýatyrylyp, ýurt
respublika öwrüldi.
Dünýä döwletleri ilatynyň sany boýunça-da dürlüdir.
Olaryň iň köp ilatlylary Hytaý (1 mlrd 347 mln), Hindis-
tan (1 mlrd 288 mln), ABŞ (321 mln), Indoneziýa (249 mln),
Braziliýa (203 mln), Päkistan (184 mln), Nigeriýa (174 mln),
Bangladeş (157 mln), Russiýa (143 mln), Ýaponiýa (128 mln)
ýaly döwletlerdir. Şu döwletlerde dünýäniň 60% halky
ýaşaýar.
Dünýäniň ilatynyň sany XX asyrda has çalt köpel-
di. Eger-de 1900-nji ýylda dünýäniň ilatynyň sany 1 mlrd
8
658 mln bolan bolsa, BMG-niň ilat meseleleri boýunça
komissiýasynyň 2014-nji ýylyň başyndaky sessiýasynda be-
ren maglumatyna görä, ol 7 mlrd adama ýetdi. 2009-njy ýyl-
da şäher we oba ilatynyň sany takmynan deňleşdi.
XXI asyrda dünýä barha global häsiýete eýe boldy.
Dünýäniň sebitleriniň birek-biregi bilen baglylygy artdy.
Eger geçen asyryň başynda okeanyň aňyrsyndaky Ameri-
ka bilen Ýewropanyň ýa-da Aziýanyň arasyndaky gatnaşyk
ujypsyz häsiýete eýe bolan bolsa, indi olaryň birek-bireksiz
«oňmagy» asla mümkin däl ýagdaýa geldi. Dünýä ýurtlary
barha utgaşykly ösüş ýoluna düşdi. Braziliýa, Russiýa, Hin-
distan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletler
öz mümkinçiliklerini birleşdirip, dünýä syýasatyndaky or-
nuny berkitmäge girişdiler.
XXI asyr – teoriýanyň praktika bilen aýakdaş gidýän
asyry. Indi adamzat diňe bir täze eden ylmy açyşlaryny
däl, eýsem, geçen aşyrdaky açyşlaryny hem durmuşa or-
naşdyrmaga mümkinçilik aldy. Täze tehnologiýalary ýa-
samakda, gen inženeriýasynda, biotehnologiýada, energ i-
ýa nyň adaty bolmadyk çeşmelerini oýlap tapmakda ylym
barha uly üstünliklere eýe bolýar. Nanotehnologiýalar mad-
dalaryň «özenine» barha içgin aralaşmak bilen, adamyň is-
legine görä, olaryň gurluşyny amatly, ýaramly hem berk hä-
siýete getirmegiň syryny agtarýar.
XX asyr kosmiki tizligiň asyry bolupdy. XXI asyrda
bu tizlik has-da artdy. Indi öýjükli telefonlar, bütindünýä
Internet tory, sanly aragatnaşyk adamzadyň özara habar-
lylygyny has ykjam hem sesiň tizliginden-de çalt ýagdaýa
getirdi. Dünýä barha wirtual häsiýete geçdi. Jemgyýetdä-
ki zerurlyk ylmyň we bilimiň ösüşini çaltlandyrmagy talap
edýär. Informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň we
Internet ulgamynyň ähmiýeti barha artýar.
Ine, şu zatlaryň ählisi döwrüň dünýäniň ylym-bilim
ulgamy bilen aýakdaş gitmegini bizden talap edýär. Şol
9
hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda «Türk-
menistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» kabul
eden Permany bilen Türkmenistanyň umumybilim berýän
orta mekdeplerinde bilim bermegiň möhleti 12 ýyla ýetirildi.
Ýaşlary ýokary okuw mekdeplerine taýýarlamak maksady
bilen mekdeplerde birnäçe täze dersler girizildi. Ýokary
okuw mekdeplerinde iki basgançakly ulgama (bakalawrlyk
we magistrlik) geçilip başlandy. Hormatly Prezidentimiziň
Permany bilen 2014–2015-nji okuw ýylynda iňlis dilinde
okadylýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwer-
siteti açyldy. Açylýan täze hünärler mekdebi tamamlaýan
uçurymlarymyzyň gumanitar, jemgyýetçilik-syýasy ugurly
dersleri çuňňur bilmegini talap edýär. Şunda Dünýä taryhy
dersine möhüm orun degişlidir.
Gadyrly ýaşlar! Eliňizdäki okuw kitaby dünýä taryhy nyň
iň täze döwrüniň wakalaryny, has takygy 2000-nji ýyldan
2014-nji ýylyň 12-nji awgustyna çenli wakalary öz içine alýar.
Wakalaryň yzygiderli gini saklamak üçin käbir tema larda XX
asyryň II ýarymyndaky wakalar hem öz beýa nyny tapdy. Okuw
ýylynyň dowamyn da XXI asyryň başla ryna çenli dünýäniň
syýasy kartasynda bo lup geçen özgerişleri, dünýä ýurtlarynyň
ösüş aýratynlykla ryny, aýry-aýry ýurtlaryň syýasy, ykdysady,
medeni ösüşle rini, hal kara gatnaşyklarynyň taryhyny, ylmyň,
tehnikanyň, medeniýetiň ösüşini we başga-da köp mesele-
leri öwreneris. Dünýä ýurtlarynyň daşary syýasatlaryn da
Ga raşsyz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny, Türkmenis-
tanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Garaşsyz Türkmenistany dünýä tanatmak ugrunda alyp
bar ýan tagal lalaryny öwreneris. Biz dün ýä taryhyny öwre-
nenimizde-de Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk
derejesinden gelip çykýan ýörelgelerden ugur alarys.
Okuw kitaby ýazylanda, awtorlar dünýä tejribesinden
hem-de milli ýörelgelerimizden ugur aldylar. Okuwçyla-
10